Belarussiýa Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasy  2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Belarussiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň  Dostluk öýüniň binasynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Belarussiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda rus dilinde habar berildi.

Dabaraly çärä Belarussiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Daşary ýurtlaryň Minskdäki diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary, Belarus-Özbek dersara amaly tehniki kwalifikasiýa institutynyň müdiri, Fizika we matematika ylymlarynyň doktory, professor Igor Gonçarenok gatnaşdy. Şeýle-de, bu çärä žurnalistler,  türkmen ilçihanasynyň wekilleri we Minskdäki uniwersitetleriň talyplary hem geldiler.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulýew we Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň prezidiumynyň başlygy Nina Iwanona gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Ilçi ýygnananlara 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Şagulýew Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň n 300 ýyllygy mynasybetli uly dabaralaryň ýylyna öwrülendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde geçirilýän Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralarynyň giň gerimli çäreleri meýilnama esasynda tassyklandy.
Soňra Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň prezidiumynyň başlygy Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynda tutýan orny barada gürrüň berdi, şeýle hem türkmen şahyrynyň goşgularyny belarus diline terjime etmäge gatnaşan M.Mýatliski, R. Borodulin, G. Çarkazýan, V. Şnip we K.Komeýşa ýaly Belarus terjimeçileriniň işini aýratyn belläp geçdi.

Belarussiýa Respublikasynyň hormatly medeni işgäri, Belarussiýa Respublikasynyň Milli edebiýat baýragynyň eýesi Mihail Pozdnyakow we belarus aktýory, režissýor, teleýaýlym görkezijisi Oleg Winýarski Magtymgulynyň edebi döredijiligi barada çykyş etdiler.

Soňra çärä, meşhur ýazyjy, şahyr we journalisturnalist, Fransis Skaryna medalynyň eýesi Wiktor Şnipiň çykyşy bilen dowam etdi.

Belarus dostluk jemgyýetiniň agzalary we goşgularyny türkmen, belarus we rus dillerinde okaýan talyplar hem Magtymgulynyň pikirleriniň häzirki döwürde ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Diplomatik wekilhananyň habaryna görä, çärä tematiki wideolar, suratlaryň we kitaplaryň kiçijik sergisi we aýdym-saz çykyşlary bilen tamamlandy.

Ответить