Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ilçisi bilen BAE-niň Döwlet ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen, 2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ilçisi S.Garajaýew bilen BAE-niň Döwlet ministri Halifa Şahin Almararyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşyk wagtynda Ilçi Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky işjeň ösýän gatnaşyklary nygtap, energiýa, söwda we maýa goýum ýaly dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

Şeýle hem medeni alyş-çalyş we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bar bolan başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin özara taýýarlyklaryny bildirdiler we degişli ministrlikler bilen bu meseleleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.

Taraplar şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, dürli ministrlikleriň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary guramaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi şeýle hem emirat tarapy bilen 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forumyna BAE-niň iň ýokary derejede wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini agzady hem-de bu wakanyň ähmiýetini nygtady. Döwlet ministri Halifa Şahin Almarar BAE-niň Daşary işler ministrliginiň BAE-niň Prezidentiniň Diwany bilen bilelikde bu mesele boýunça iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Taraplar düşünişmek ýagdaýda geçen gepleşikler üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Ответить