Türkmenistan halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirdi

Halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan täze hyzmaty ýola goýdy. Bu barada «Turkmenistan Times» elektron neşiri «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň tyy-news.gov.tm web saýtynyň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.

Indi Halkara ýol ulagynyň (HÝU) ulgamyny ýa-da TIR-EPD ulgamyny ulanýan ýük ulaglary üçin «Ýaşyl geçelgeler» doly güýjünde işleýär. 

Munuň özi, indi sürüjileriň serhetde uzak nobata durmajakdygyny aňladýar. Sürüjiler ýörite zolaklar boýunça gümrük barlagyndan geçerler.

Halkara awtomobil ýük daşamalarynyň Belarus birleşigi Türkmenistanyň barlag-geçiriş nokatlarynda TIR-EPD-sy bolan ýük ulaglarynyň geçmegi üçin ýörite penjireleriň we zolaklaryň döredilendigini habar berdi. Şol bir wagtda bu çäräni tizleşdirmek üçin ýük gatnadyjylar halkara gümrük ulgamy bilen bagly bolan ýörite maglumat ulgamynyň üsti bilen degişli edaralara öňünden habar etmeli.

Ответить