«BMW» kompaniýasy täze «X3» awtoulagynyň kämilleşdirilen nusgasyny görkezdi

«BMW» kompaniýasy täze «X3» awtoulagynyň kämilleşdirilen nusgasyny görkezdi.  Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 17-nji awgustyndaky № 33 (6267) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen ««BMW» kämilleşdirilen nusgasy» atly makalada habar berildi.

Awtoulagyň uzynlygy 11 santimetr artyp, interýere hrom öwüşgini berildi. Bu awtoulag modeli ilkinji gezek bölünen radiator gözenekleri we tegelek çyralar bilen

enjamlaşdyryldy.Iki görnüşli L nusgadaky çyralar indi golaý we uzak aralyga şöhle üçin ulanylyp bilner. Yzky çyralaryň özboluşlylygy awtoulagyň yzky böleginiň aýratynlyklary bilen utgaşyp, onuň ajaýyp dizaýnynyň üstüni ýetirýär.

Awtoulagyň uzynlygy — 4,865 metr, ini — 1,920 metr. Bu model hereketlendirijisi

184-den 245 at güýjüne çenli bolan turbolaşdyrylan görnüşi goşmak bilen dürli hereketlendiriji nusgalaryny saklaýar.

Ответить