Dünýäniň iň baý bäş zenany milliarderleriň sanawynda hasaba alyndy

Bu ýyl dünýäde 2 müň 781 milliarder hasaba alyndy. Olaryň umumy baýlygy 14,2 trillion dollar diýlip çaklanylýar. Milliarderleriň sanawynda zenanlar hem az däl. Olaryň arasyndan iň baý bäş zenan şu aşakdakylardyr:

Fransua Bettenkourt Maýers

«L’Oreal» kompaniýasynyň esaslandyryjysynyň agtygy Fransua Bettenkourt Meýers dünýäniň iň baý zenanydyr. Bettenkourt Maýers we maşgalasy «L’Oreal» kompaniýasynyň üçden birinden gowragyna eýeçilik edýär. 1997-nji ýyldan bäri «L’Oreal» kompaniýasynyň müdiriýetinde işleýär we maşgala Holding kompaniýasynyň başlygy. Bettenkourt Maýers, şeýle hem, Fransiýa Respublikasynyň ylymda we sungatda ösüşini öňe sürýän haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidenti bolup işleýär.

Onuň baýlygy 86,9 milliard dollardyr.

Elis Walton

Elis Walton «Walmart» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Sam Waltonyň ýekeje gyzy. 2011-nji ýylda dogduk şäheri Arkanzas ştatynyň Bentonwil şäherinde «Kristal köprüler» atly  Amerikan sungat muzeýini açdy. «Kristal köprüler»  muzeýinde  Andy Warhol, Norman Rokwell we Mark Rotko ýaly meşhur adamlaryň eserleri bar.

2022-nji ýylda Bentonwilde bir ýyl öň döredilen umumy saglyk instituty Walton Elis L. Walton lukmançylyk mekdebi diýlip atlandyryldy. Elis Waltonyň baýlygy 85,4 milliard dollar diýlip çaklanylýar.

Juliýa Koç

Juliýa Koç 74,6 milliard dollar baýlygy bilen milliarderleriň sanawynda üçünji ýerde durýar. Juliýa Koç we üç çagasy 2019-njy ýylda 79 ýaşynda aradan çykan adamsy Dawidden «Koch Industries» kompaniýasynyň 42 göterim paýyny miras aldy. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Koç we onuň üç çagasy takmynan 700 million dollara NBA kompaniýasnyň Bruklin torlarynyň 15 göterim paýyny satyn almak barada şertnama baglaşdy.

Jacqueline Mars

39,7 milliard dollar baýlygy bolan Jacqueline Mars milliarderleriň sanawynda 4-nji orunda durýar. Jacqueline Mars atasy tarapyndan esaslandyrylan süýji, iýmit we öý haýwanlaryna ideg firmasy bolan Mars kompaniýasynyň üçden birine eýeçilik edýär. 2016-njy ýyla çenli kompaniýanyň dolandyryş toparynda 20 ýyla golaý işledi. Ogly Stiwen Badger Mars kompaniýasynyň direktorlar geňeşine ýolbaşçylyk edýär. Onuň dogany Jon Mars kompaniýasynyň üçden birine eýeçilik edýär. Merhum dogany Forrest Jryň dört gyzy bolsa kompaniýanyň galanlaryna eýeçilik edýär.

MacKenzie Scott

MakKenzie Skott haýyr-sahawatçysy, ýazyjysy we  Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň 25 ýyl nikada ýaşan öňki aýaly. Ol  2019-njy ýyldaky aýrylyşmalarynyň bir bölegi hökmünde, Jeff Bezosyň onlaýn dükanynyň 4 göterim paýyny satyn aldy.

«Yield Giving»  atly web saýtda Skott 2000-e golaý telekeçilik däl guramasyna beren 16,6 milliard dollar (Amazon kompaniýasynyň paýnamalarynyň 49 göterimi) barada jikme-jik maglumat berýär. Iki roman çap eden Skott Prinstondaky  ýazyjy Toni Morrisonyň şägirdidir.

MakKenzie Skottyň baýlygy 33,2 milliard dollar möçberindedir.

Ответить