Owganystan bilen Özbegistanyň arasynda umumy bahasy 2,5 milliard dollar bolan 35 sany şertnama gol çekildi

Düýn – şenbe güni Kabul şäheriniň halkara sergi merkezinde Owganystan bilen Özbegistanyň arasynda umumy bahasy 2,5 milliard dollar bolan 35 sany şertnama gol çekildi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

Gol çekiliş dabarasynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki  çykyş edip, iki ýurduň arasynda telekeçiler üçin wizanyň ýeňilleşdirilmegi söwdanyň ýokarlanmagyna itergi berjekdigini aýtdy.

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow Owganystanda «Таliban» hereketiniň häkimiýet başyna geleli bäri Kabul şäherine ilkinji gezek iş sapary bilen geldi.

Geleşiklerde 1,4 milliard dollarlyk 12 sany maýa goýum şertnamasy we 1,1 milliard dollarlyk 23 sany söwda şertnamasy bar. Bu şertnamalaryň esasy maksatlary Owganystan bilen Özbegistan Respublikasynyň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de özara söwda dolanşygyny ep-esli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly bolup durýar.

Ответить