Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady

Çeper döredijilige, şol sanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady. Dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini belläp, alym Arkadagymyz şahyryň goşgularynyň ähli ýaşdaky adamlar üçin gymmatlydygyny, onuň eserleriniň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Ответить