Türkmenistan bilen Türkiýe ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Stambul şäherinde Türkiýäniň Halkara ýük ulaglary assosiasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada  «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde rus dilinde habar berilýär.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ulag we logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ulag-logistikany ösdürmek we durnuklylygyny üpjün etmek, ulag infrastrukturasyna hyzmat etmegi gowulandyrmak, ulag pudagynda halkara goldawyny giňeltmek üçin sanly tehnologiýalary ulanmak hem-de täze mümkinçilikleri kesgitlemek babatda täze innowasion çemeleşmeleri we çözgütleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Tutuş dünýä üçin durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmegiň zerurdygyny we derwaýysdygyny belläp, taraplar durnukly ulagyň we Türkmenistanyň bu ugurda halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň düýpli ähmiýetine ünsi çekdiler.

Taraplar, şeýle hem sebitdäki üstaşyr gatnawynyň möçberini ýokarlandyrmakda iki ýurduň işjeň ornunyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň halkara ulag ulgamlaryny düýpgöter täzeden gurmak we ösdürmek bilen baglanyşykly ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler. Hut şu nukdaýnazardan-da, duşuşykda Türkmenistan bilen UND-niň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berildi.

Ответить