Şu gün Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda döredilen sergi meýdançasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çagalar harytlaryna we hyzmatlaryna bagyşlanyp, ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu ýöriteleşdirilen sergi 4 günläp, ýagny 22-nji awgusta çenli dowam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan guralýan serginiň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, şeýle hem, çagalar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna beslendi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri dabaranyň hormatly myhmanlary boldy. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Ýöriteleşdirilen sergä çagalar harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary, halkara we jemgyýetçilik guramalary gatnaşýarlar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda guralýan bu sergi her bir çaga, ene-ata, okaýan we okadýan her bir adam üçin gyzykly, degişli ulgamdaky täzelikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän çärelerden doludyr. Onuň çäklerinde meşhur modalar öýleriniň çagalar üçin lybaslarynyň dabaraly görkezilişi, dürli medeni we sport çykyşlary, ýetginjekler we kiçi ýaşly çagalar üçin dürli mowzuklarda tälim beriji ussatlyk sapaklary, bäsleşikler geçiriler.

Täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän adamlar bu ýerde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli haryt öndürijileriniň dürli görnüşlere baý köp sanly önümleriniň söwdasyny hem edip bilerler. Sergi çaga terbiýelemek, bilim bermek ulgamyndaky täzelikler, usullar we innowasion tehnologiýalar bilen tanyşmak, özara tejribe alyşmak üçin hem amatly meýdançadyr.

Ответить