Azerbaýjan Respublikasy «BRICS» halkara guramasyna goşulmak isleýär
Azerbaýjan Respublikasy «BRICS» halkara guramasyna goşulmak isleýär. «TASS» habarlar agentligi Azerbaýjan Respublikasy Moskwadaky ilçisi Polat Bilbil oglunyň bu baradaky beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Maglumatlara görä, diplomat: «Azerbaýjan Respublikasy hakykatdanam niýetini mälim etdi. Bu barada rus kärdeşlerimiz bilen gürleşdik» — diýipdir. Ýöne, ol heniz Azerbaýjan Respublikasynyň «BRICS» halkara guramasyna girjek möhleti barada anyk zat aýtmandyr.
«BRICS» halkara guramasynyň indiki sammiti 2024-nji ýylyň 22 – 24-nji oktýabr aralygynda Kazanda geçiriler.
«BRICS» — halkara ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bolup, häzirki wagtda bu guramada dokuz ýurt bar.