Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçisi bilen bolan duşuşyk geçirildi

Şu gün – 2024-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rudyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dugrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleri nygtaldy.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler formatyna oňyn baha berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we özara maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.

Ответить