Ýaponiýa rus önümleriniň importyny azaltdy

Ýaponiýa 2024-nji ýylyň iýulynda Russiýadan suwuklandyrylan tebigy gazyň (LNG) importyny 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 63,9 göterim azaltdy. Muny «report.az» web saýtynyň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi tarapyndan neşir edilen statistika maglumatlary aýan edýär.

Ýaponiýa rus kömüriniň importyny 80,2 göterim, galla importyny bolsa 12,3 göterim azaldy. Bu döwürde Ýaponiýa Russiýadan nebit import etmedi. Diňe  2024-nji ýylyň iýul aýynda Russiýadan balyk we balyk önümleriniň importyny 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,8 göterim ýokarlandyrdy.

Şu ýylyň iýul aýynda Ýaponiýadan Russiýa ýolagçy awtoulaglarynyň üpjünçiligi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,3 göterim azaldy.

Ответить