Ilon Mask – dünýäniň iň baý işewüri

1971-nji ýylda Günorta Afrikada doglan Ilon Mask senagat inženeri, «Paypal»-y we «SpaceX» atly kosmos transport hyzmatlary kompaniýasyny esaslandyryjy telekeçi. Şeýle hem ol, «Tesla» atly elektrik awtoulag kompaniýasynyň ilkinji maýadarlaryndan biri we baş direktory. Kanadaly we ABŞ-nyň raýaty telekeçi Mask tehnologiýa we kosmos babatdaky maýa goýumlary bilen tanalýar. Kompýuterlere we wideo oýunlaryna bolan gyzyklanmasy esasynda özüne meşhurlyk we baýlyk gazandyran bir wideo oýny ýazdy.

Ilon Mask 1997-nji ýylda Stenford uniwersitetinden aýrylanyndan soň birnäçe üstünlikli işewürlik işine baş goşdy. Mask ilkinji maýa goýumyny kakasyndan karz alan 28 müň dollary bilen 24 ýaşyndaka amala aşyrdy. Şol döwürde ol metbugat guramalarynyň şäher habarlaryny almak üçin ulanýan «Zip2» atly programma üpjünçiligini döretdi. Mask  bu programma üpjünçiligini 1999-njy ýylda «Compaq» kompaniýasyna satyp, 22 million dollar gazandy. Ondan soňra 2001-nji ýylda bolsa häzirki wagtda dünýäde millionlarça adamyň ulanýan onlaýn töleg ulgamy bolan «PayPal»-y esaslandyrdy. «PayPal»-y  2002-nji ýylda «eBay» firmasy 1,5 milliard dollara satyn aldy.

Ilon Mask, esasanam soňky 15 ýylda ünsüni we maýa goýumlaryny internetden kosmosa gönükdirip başlady. 2040-njy ýyla çenli Marsda koloniýa (mähelle) gurmak isleýär. 2001-nji ýylda Marsda teplisa döretmek arkaly gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmegi göz öňünde tutýan «Mars oazisi»  taslamasyny taýýarlady. 2002-nji ýylda kosmos ylmy-barlag tehnologiýalaryny ösdürýän «SpaceX» kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu ýerde kosmosa gitmek üçin hususy ulanylýan raketalar we raketa hereketlendirijileri öndürilýär. «SpaceX» kompaniýasy 2017-nji ýylyň ahyrlarynda orbital raketanyň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlan ilkinji kompaniýa boldy. 2020-nji ýylda «SpaceX» kompaniýasynyň «NASA»-nyň kosmonawtlary Dug Hurli bilen  Bob Behnkeni «Crew Dragon» kosmos gämisi bilen kosmosa uçaran güni –  şol ýylyň 30-njy maýy taryhy gün hökmünde dünýä taryhyna girizildi.

2004-nji ýylda Mask elektrikli ulaglaryň hereketiniň geljeginiň uludygyna ynanýandygy üçin «Tesla» elektrik awtoulag kompaniýasyna örän köp möçberde maýa goýdy.

«Tesla» kompaniýasy  ilkinji awtoulagy bilen tanyşdyranyndan iki ýyl soňra, 2008-nji ýylda awtoulag tankytçylary tarapyndan öndürijiligi we dizaýny üçin öwülen «Model S sedan» modeli bilen tanyşdyrdy. «Tesla» kompaniýasy 2010-njy ýylda  dünýäde ilkinji elektrikli, nol zyňyndy sport awtoulagyny satuwa çykardy. Kompaniýa şol ýyl bütindünýä jemgyýetçiligine tanaldy.

2012-nji ýylda ilkinji gezek 40 ýaşyndaka milliarder bolan Mask Kaliforniýanyň iň uly awtoulag kompaniýasy «Teslanyň» 20 göterimine eýeçilik edýär.

«Tesla» kompaniýasynyň häzirki bazar bahasy 300 milliard dollardan geçýär. Ilon Mask mundan başga-da gaýtadan dikeldilýän energiýa we ýokary tehnologiýaly transport pudaklarynda dürli kompaniýalara maýa goýumlaryny goýýar.

Ответить