Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 2 943 840,11 manada deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 2 943 840,11 manada deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 943 840,11 manada deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Ответить