«SOCAR» kompaniýasynyň prezidenti Türkmenistanda geçiriljek konferensiýa gatnaşar

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy («SOCAR») 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» («OGT – 2024») halkara konferensiýasyna we sergisine gatnaşar.

Azerbaýjanyň «Report» informasiýa agentliginiň Türkmenistanyň metbugatyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu konferensiýada we sergide Azerbaýjan tarapdan «SOCAR» kompaniýasynyň prezidenti Röwşen Nejaf wekilçilik eder. R.Nejafyň Aşgabat forumynyň çäginde çykyşy hem meýilleşdirilýär.

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» («OGT – 2024») halkara konferensiýasyna we sergisine 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýetiň gatnaşýandygy habar berildi. Bu konferensiýa energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirer we Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňelder.

Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» («OGT – 2024») halkara forumynyň 25-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ответить