Bill Geýtsiň telekeçilik başlangyçlary

Bütindünýä jemgyýetçiliginde iň meşhur işewür adamlaryň biri hökmünde tanalýan Bill Geýts 1955-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Waşingtonyň Sietl şäherinde dünýä indi. Ejesi mugallym bolan Bill Geýts ensiklopediýalary yzygiderli okaýan çagady. Örän güýçli sosial başarnyklary bolmadyk Geýts, matematikadan, bilimden, dramadan we iňlis dilinden özüni kämilleşdirdi. Soň bolsa kompýuterler bilen tanyşdy we özüniň köp wagtyny kompýuter laboratoriýasynda geçirip başlady.

1975-nji ýylda Garwarddan gaýtdy we ömrüni kompýuterler bilen meşgullanyp geçirmek kararyna geldi. Orta mekdepdäki dosty Pol Allen we Geýts boş wagtlarynyň köpüsini programmalaryň üstünde işlediler. 1970-nji ýylda Geýts we Allen ýol hereketi modelleri boýunça «Traf-o-Data» kompýuter programmasyny döretmek arkaly bilelikde işe başladylar.

Altair kompýuterini Nýu-Meksikoda «MITS» atly kiçi bir kompaniýa öndürdi. Geýts we Allen kompaniýa bilen habarlaşyp, Altair kompýuterini işletjek «BASIC» programma üpjünçiligi programmasynyň üstünde işleýändiklerini habar berdiler. Netijede bolsa, iki aý bu laboratoriýada boldular.

Ilkibaşda maddy kynçylyklara garamazdan, Geýts we Allen 1975-nji ýylda «mikrokompýuter» we «programma üpjünçiligi» sözleriniň birleşmesinden emele gelen  «Micro-Soft» kompaniýasyny esaslandyrdylar.

1976-njy ýylyň fewral aýynda Bill Geýts kompýuter ulanyjylary üçin bildiriş çap etdi. Programma üpjünçiligini tölegsiz dowam etdirmegiň we ulanmagyň öňüni aljakdygyny aýtdy. Microsoft şeýle hem dürli kompaniýalar üçin programma üpjünçiligini taýýarlady we 1979-njy ýylyň başynda kompaniýany Waşingtona göçürdi.

Bill Geýts 1979-njy ýylda takmynan 2,5 million dollar girdeji gazandy. Bill bary-ýogy 23 ýaşyndaka esaslandyran kompaniýasynyň dolandyryjysy boldy. Zehini we öňdengörüjiligi bilen kompaniýany üstünlikli dolandyrdy.

Ответить