Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçisi bilen duşuşdy
Düýn – 2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi.
Taraplar ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.