Türkmen-rus hünärmenleri ýaş deňizçileri taýýarlamak babatdaky jemgyýetçilik çäreleri barada pikir alyşdy

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda 2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň direktory çykyş edip, Institutyň alyp barýan işi, okadylýan ugurlar, ýaş deňizçileri taýýarlamak boýunça jemgyýetçilik çäreleri barada prezentasiýa arkaly gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny, hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmekligi dowam etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Ответить