Telegramy esaslandyryjy Pawel Durow Parižde tussag edildi

Meşhur habarlaşma programmasy bolan telegramyň esaslandyryjysy we baş direktory Pawel Durow şenbe güni agşam Parižiň «Le Bourget» howa menzilinde tussag edildi.

«Report» informasiýa agentligi Fransiýa Respublikasynyň LCI teleýaýlymynyň bu barada maglumat ýaýradandygyny habar berdi.

Fransiýanyň TF1 / LCI habar portalynyň habaryna görä, 39 ýaşly telekeçi şahsy uçaryndan düşüp barýarka tussag edilipdir. Durowyň Pariže Azerbaýjandan gelendigi, oňa garşy aýyplamalar bilen şikaýat edilendigi, onuň ýanynda janpenasy we ýakyn dostydygy mälim edilen bir zenan maşgalanyň bardygy habar berildi.

Fransuz hökümeti Durow tarapyndan döredilen platformanyň ulanyjylar üçin örän howpludygy baradaky aýyplamalaryň bardygygyny we onuň özüniňde bu aýyplamalaryň şärikdeşine öwrülendigini öňe sürýärler. Hut şu nukdaýnazardam-da, Fransiýa Respublikasynyň hökümeti tarapyndan ony 20 ýyla çenli tussaglykda saklamak göz öňünde tutulýar.

Fransuz hökümeti ozal ähli ministrliklerden WhatsApp, Telegram we Signal platformalaryndan ýüz öwürmegi we fransuz habarlaşma programmalaryny ulanmagy haýyş edipdi.

Ulanyjylaryň arasynda şifrlenen gepleşik hyzmaty bilen gizlinligi üpjün edýän telegram ulanmak üçin örän aňsatlygy we toparlar bilen aragatnaşygy ýeňilleşdirýändigi üçin beýleki platformalardan düýpli tapawutlanýar. Şeýle-de, bu programma hukuk goraýjy edaralaryň ünsüni çekmezden aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Ýarym milliarddan gowrak hasaba alnan ulanyjysy bolan telegram beýleki programmalardan tapawutlylykda hiç haçan hökümetler bilen habar paýlaşmaýandygyny öňe sürýär. 2013-nji ýylda Russiýada milliarder doganlar Nikolaý we Pawel Durow tarapyndan Moskwada işlenip düzülen bu programma, Twitter we Facebook ýaly beýleki sosial media platformalarynda ýer tapyp bilmeýän aşa syýasy hereketleriň gaçybatalgasy hasaplanýar.

Pawel Durow 2021-nji ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, awgust aýynda bolsa Fransiýanyň raýatlygyny aldy.

Ответить