Fransiýa Respublikasynyň kazyýeti Pawel Durowyň tussaglyk möhletini uzaltdy

Fransiýa Respublikasynyň kazyýeti Telegram messenjerini esaslandyryjy Pawel Durowyň tussaglyk möhletini uzaltdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň «Report» informasiýa agentliginiň habaryna bermegine görä, tussaglygyň iň köp 96 sagat dowam eder.  Şondan soň bolsa kazy Pawel Durowyň boşadylmagy barada karar berer ýa-da oňa garşy aýyplama bildirer.

Ýadyňyzda bolsa, Telegram sosial ulgamyny esaslandyryjy Pawel Durow 2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda sagat 20:00-da (Fransiýa Respublikasynyň wagty bilen) Parižiň «Le Bourget» howa menzilinde şahsy uçaryndan düşüp barýarka tussag edilipdi.

Ответить