GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlary özara söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşarlar

GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlary Geňeşiniň 2024-nji ýylyň 7 – 8-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibine 20 resminama giriziler.

 «BELTA» habarlar agentligi  GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň bu barada Minskde žurnalistlere beren beýanatynda aýdandygyny habar berdi.

Ol: «GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlary Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde 20 resminama bar. Bu resminamalaryň hemmesi esasan ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlyga degişlidir. Iki mesele ulag-aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy, bir mesele raýat. gämi gurluşygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy, ýene birnäçe mesele ynsanperwer ugruna degişli hyzmatdaşlygy we 10-a golaý mesele bolsa GDA-nyň çäginde dürli çäreleri maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleleri öz içine alar» — diýip belledi.

Baş sekretar, GDA ýurtlarynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki esasy meseleleriň biri özara söwda üçin päsgelçilikleri aradan aýyrmak boljakdygyny aýtdy.

Ответить