Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy  Mawrikiý Respublikasynyň Ilçisinden Ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Heswar Jankeden Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi web sahypasynda habar berildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. 

Şunuň bilen baglylykda, taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 

Ilçi Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ответить