Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna Ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Fathudin Ali Mohamediden Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi web sahypasynda habar berildi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ответить