Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 210 394,15 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 210 394,15 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan erkek köýnek we jalbary, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan dokma galyndylaryndan regenerirlenen süýüm satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 210 394,15 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Ответить