Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Düýn – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady. Sişenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fathudin Ali Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Somali Federatiw Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Fathudin Ali Mohamedi Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we iş tejribesi özüne ynanylan jogapkärli wezipäni doly ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan Size aýtjak sözlerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormatymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň gadyrly dostuňyz,

Hasan Şeýh MOHAMUD,
Somali Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.

Ответить