Türkmenistanyň wekiliýeti dokmaçylykda öňdebaryjy tejribeler özleşdirmek maksady bilen Koreýa Respublikasynda saparda boldy

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň jogapkär wekillerinden, dokma toplumlarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Koreýa Respublikasynda saparda boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky sanynda çap edilen  «Habarlar: Halkara giňişlikde» rubrikasynyň « Dokmaçylykda öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär» atly makalasynda habar berildi.

Tanyşlyk sapary senagatda tehnologiýalary ulanmaga we täjirleşdirmäge ýardam berýän Koreý senagat tehnologiýalary instituty (KITECH) tarapyndan Koreý dokma importy we eksporty assosiasiýasynyň gatnaşmagynda guraldy.

Wekiliýet agzalary Inçhon şäherinde ýerleşýän «KISCO» korporasiýasynyň önümçilik kärhanasyna baryp gördüler. Bu ýerde olar dokma senagatynda peýdalanylýan reňk berijileri we himiki serişdeleri, elektron harytlary, iýmit önümlerini öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan bu kompaniýanyň iş aýratynlyklary, fabrigiň kuwwaty, onuň innowasion tehnologiýalary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Türkmenistanly hünärmenler reňk berijileri taýýarlamagyň önümçiligine syn edip, koreý kärdeşleri bilen bu ugurdaky bazaryň ýagdaýyny, olary ulanmagyň tehniki usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de hyzmatdaşlyk we tehnologik alyşmalar boýunça tekliplerini beýan etdiler. Fabrigiň kuwwatlyklary, hil gözegçilik ulgamy bilen tanyşmak hem ähmiýetli boldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti «Akylly» egin-eşikleriň tehnologiýasy merkezine, Koreý moda senagaty assosiasiýasyna, «KOTITI» institutyna we beýleki guramalara hem baryp görüp, olaryň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ответить