Eýran BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň teklipleri esasynda 26 sany Kararnamanyň kabul edilmegine uly goldaw berdi

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň  Eýran Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde giňişleýin düzümde dowam eden ikitaraplaýyn gepleşiklerde  döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Syýasy babatda biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we öňe sürýän halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawlary üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Eýran Yslam Respublikasy şu güne çenli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň teklipleri esasynda 26 sany Kararnamanyň kabul edilmegine uly goldawlaryny bermek bilen, olaryň köpüsiniň awtordaşlarynyň hatarynda çykyş etdi.

Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde taraplar halkara meselelerde mundan beýläk-de bilelikde işlemäge meýillidiklerini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara howpsuzlyk meselesi dünýä syýasatynyň wajyp mowzuklarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işine goşant goşmak ugrunda uly tagalla edýändigi nygtaldy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjynyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibiň durmuşa geçirilmegi babatda eýran tarapynyň öz goldawlaryny berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, Eýranyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar we goldamagyny dowam etdirer diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Ответить