Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 404 666,82 manada we 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 404 666,82 manada we 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmengaz” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy atyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30S” kysymly polipropileni hem-de Türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 404 666,82 manada we 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Ответить