Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hidaýatulla Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolýar. Bu barada şu gün «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnaly habar berdi.

Owgan wekiliýeti saparyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde gepleşikler geçirerler. Şol gepleşiklerde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan optiki-süýümli liniýanyň, demirýol taslamalarynyň gurluşygy, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna iş ýüzünde girişmek bilen bagly ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hyrat welaýatynda bolup, bu ýerde Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen iki ýurduň arasynaky möhüm infrastruktura taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda pikir alşypdy.

Ответить