Pawel Durow 5 million ýewro girew bilen tussaglykdan boşadyldy

Telegramy esaslandyryjy Pawel Durowa garşy gozgalan aýyplamalar üçin kazyýet işi dowam edýär we ol kazyýet gözegçiligi astynda bolmak şerti esasynda 5 million ýewro girew bilen tussaglykdan boşadyldy. Bu barada Fransiýanyň «Agence France-Presse» (AFP) habarlar agentligi Pariž prokuraturasynyň beren beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Maglumatlara görä, Durowyň Fransiýadan çykmagy gadagan edilýär.

«Pawel Durow 5 million ýewro girew tölemek, hepdede iki gezek polisiýa bölümine hasabat bermek borjy esasynda kazyýet gözegçiliginde saklamak şerti bilen tussaglykdan boşadyldy we oňa Fransiýanyň çäginden çykmak gadagan edildi» – diýlip Pariž prokuraturasynyň beýanatynda beýan edilýär.

Ответить