Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň täze düzümi tassyklandy

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň agzalary 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda birleşigiň baş edarasynda adaty gün tertibi boýunça ýygnandy.

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň agzalary Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň merhum esaslandyryjysy hormatly Dr. Ýakup Ömeroglunyň hatyrasyny ebedileşdirip, onuň 18 ýyldan gowrak ömrüni bagyş eden Ýewraziýa ýazyjylar birleşigi bilen Türki dünýäsiniň geografiýasynda amala aşyran beýik işlerini täze döwürde hem dowam etdirmegi baş maksat edindiler.

Ýygnakda Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy wezipesine Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň hormatly agzasy Ufuk Tuzman biragyzdan saýlandy. Şeýle hem bu ýygnakda degişli edaralaryň we guramalaryň öňünde Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň we onuň garamagyndaky hususy kärhanalaryň işiniň we amallarynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak we bökdençsiz dowam etmek üçin Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Ufuk Tuzmana zerur ygtyýarlyk bermek biragyzdan kabul edildi.

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň ýygnagynyň ahyrynda Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň täze düzümi tassyklandy.

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar  Geňeşiniň täze düzümi:

1. Ýakup Ömerogly –  Hormatly başlyk

2. Ufuk Tuzman – Başlyk

3. Osman Çewiksoý – Orunbasar

4. Mustafa Kurt – Orunbasar

5. Ataman Kalebozan – Baş kätip

6. Fatih Özer – Buhgalter

7. Jemile Kynajy Baran –  Ylmy Geňeşiň agzasy

8. Hüseýin Ýyldyz – Ylmy Geňeşiň agzasy

9. Nurhan Buhan – Esasy agzasy

10. Murat Çoban – Esasy agzasy

Ответить