Penşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 860 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 860 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan nah ýüplügi satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 860 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Ответить