Türkmenistanda «Hi-Tech Startup Turkmenistan 2024» halkara forumyna we sergisine taýýarlyk görülýär

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen «Hi-Tech Startup Turkmenistan 2024» halkara forumy we sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň edara binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän foruma we sergä gatnaşmaga häzirki wagtda dünýäniň dürli döwletlerinden onlarça   edara-kärhanalar, halkara we jemgyýetçilik guramalary hasaba alyndy.

Öňde boljak «Hi-Tech Startup Turkmenistan 2024» halkara forumynyň we sergisiniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar we sanly ulgamlar pudagynda iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de bu ugra uly üns berýän ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini bellemelidiris. Forumyň çäklerinde ýokary tehnologiýalary çekmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri, elektron hökümeti, maglumat merkezlerini, IT parklary döretmegiň geljegi, emeli aňdan peýdalanmagyň tejribesi ýörite mejlislerde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara forum innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar ugrunda bilim alýan talyplar, ýaş hünärmenler üçin has-da peýdaly bolup biler. Serginiň çäklerinde innowasion taslamalaryň «Startup» bäsleşigi geçiriler. Oňa gatnaşjak hünärmenler özleriniň maglumat we ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky täzeçil taslamalary üçin maýa goýujylary tapyp, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekilleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýup bilerler.

Ответить