Telegramyň Dubaýdaky ofisi ýapyldy

Telegramyň esaslandyryjysy Pawel Durowyň 2017-nji ýylda açan Dubaýdaky Telegram ofisi ýapyk we kompaniýanyň işgärleri tarapyndan ulanylmaýar. Bu barada «TASS» habarlar agentligi habar berdi.

Telegram «FZ LLC» sanly kompaniýalary we başlangyçlary özüne çekmek we goldamak üçin Dubaý hökümeti tarapyndan döredilen tehnologiýa seýilgähi we ýörite ykdysady zona bolan Dubaý Internet şäherinde ýerleşen «Business Central Towers» binasyndaky şahamçasyny mundan ýedi ýyl öň açypdy.

«Business Central Towers» binasynyň 23-nji gatynda Telegramyň kärendesine alan iki ofis şahamçasy häzirki wagtda ýapyk dur we ol ýerde bu kompaniýa bilen  baglanyşykly hiç bir zat ýok.

Ответить