«Jiyue 07» sedan elektrik awtoulagynyň satuwyna wagtyndan öň başlandy

«Baidu» (BIDU) we «Geely Holding Group» bilen hyzmatdaşlykda döredilen elektrik ulagy öndüriji «Jiyue» kompaniýasy «Jiyue 07» sedan  elektrik awtoulagynyň satuwyna öňünden başlady. Modeliň resmi taýdan satuwy indiki aýda geçiriler.

«CnEV Post» neşiriniň habar bermegine görä, Hytaýyň awtoulag öndüriji «Jiyue» kompaniýasy düýn «Jiyue 07» sedan elektrik awtoulagynyň satuwyna resmi taýdan meýilleşdirilen wagtyndan öň başlady. Bu modeliň başlangyç bahasy 215,900 ýuan ýa-da 30,300 dollar möçberinde kesgitlendi.

«Jiyue» kompaniýasy bu modeliň 10-njy sentýabrda resmi taýdan satuwa çykaryljakdygyny we  indiki aýda resmi taýdan tanyşdyrylyş dabarasynyň hem geçiriljekdigini habar berdi.

Maglumatlara görä, «Jiyue 07» sedan elektrik awtoulagynyň uzynlygy 4953 mm, ini 1,989 mm, beýikligi 1475 mm we tigirleri 3,013 mm. Bu ölçeglere görä, täze Tesla Model 3»-den has uly sedan bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.

«Jiyue 07» sedan elektrik awtoulagy «Apollo 2.0» akylly hereketlendiriji ulgamy bilen üpjün edilendir.

Ответить