Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

«Biznes Reklama» gazetiniň şu gün – 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda neşir edilen sanynyň 4-nji sahypasynda habar berilmegine görä, Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hem-de tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenko başlyklyk etdiler.

27-nji awgustda bolan mejlisiň dowamynda iki tarapyň arasynda söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudagynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlisiň netijesi boýunça bu iş toparyň dokuzynjy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň dowamynda 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Tatarystan Nebit we gazhimiýa forumyna we sergisine gatnaşyldy.

Ответить