«Toyota Motor» 925 müňe golaý ulag satdy

«Biznes Reklama» gazetiniň şu gün – 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda neşir edilen sanynyň 12-nji sahypasynda habar berilmegine görä, Ýaponiýanyň «Toyota Motor» awtokonserni ähli golçur kompaniýalaryny bilelikde hasaplanyňda Şu ýylyň iýul aýynda 924,9 müň awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa iýul aýynda ulaglaryň önümçiligini hem artdyryp, 923,6 müň sany ulag öndürdi.

Hasabat döwründe Ýaponiýanyň beýleki awtoulag kompaniýalarynyň satuwy hem ýokarlandy. Hususan-da, «Honda Motor» kompaniýasy geçen aýda 295 müň (25,5 göterim ösüş), «Mazda Motor» 105,3 müň (3,4 göterim ösüş) awtoulag satdy.

Ýaponiýanyň «Nissan Motor» kompaniýasynyň iýul aýyndaky söwdasy bolsa, 1,3 göterim peselip, satuwy 261,3 müň ulaga deň boldy.

Ответить