«Şkoda» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli söwdalarynyň 50-70 göteriminiň elektrikli ulag bolmagy ugrunda tagalla edýär
Çehiýa Respublikasynyň «Şkoda» atly awtoulag öndüriji kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli awtoulag söwdalarynyň 50-70 göteriminiň elektrikli ulag bolmagy ugrunda tagalla edýär.
Maglumatlara görä, «Şkoda» kompaniýasy awtoulaglarynyň önümçiligini elektrik ulgamyna geçirýär. 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň ulaglarynyň 3 kysymy elektrikli bolar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomas Şafer belläp geçdi. «Volkswagen» toparyna degişli bolan brend «Enyaq iV» we «Citigo» kysymly modellerini elektrik ulgamyna geçiripdi. Kompaniýa bu ugurdaky maýa goýumlaryny artdyryp, ýene-de 3 modeli elektrik ulgamyna geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem bu modelleriň bahasynyň hem amatly boljakdygy mälim edildi. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli awtoulag söwdalarynyň 50-70 göteriminiň elektrikli ulag bolmagy ugrunda tagalla etmegi meýilleşdirýär.