Düýn «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi.

Maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň wezipeleri, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen biraýlygyň çärelerini göwnejaý guramak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, ýokary, orta we umumybilim berýän mekdeplerde okaýan ýaşlaryň arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berler.

Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, häzir ýollarda awtoulag serişdeleriniň hereketi ýygjamlaşýar. Bu bolsa köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýär. Ýollaryň hadysasyz bolmagy üçin diňe sürüjiler däl, pyýadalar hem jogapkärçilik çekýärler. Şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerine berk eýermek möhüm bolup durýar.

Biraýlygyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, makalalar, wideorolikler taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetiriler. Bilim edaralarynda, kärhanalarda, guramalarda ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly öwüt-ündew çäreleri geçiriler. Şeýle hem biraýlygyň şygary bilen baglylykda ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda dürli oýunlar guralar. Maslahata gatnaşyjylaryň biragyzdan belleýşi ýaly, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Munuň özi döwletimiziň adam hakyndaky çynlakaý aladalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ответить