«KIA» 2026-njy ýyla çenli 1 million elektrokar satmagy meýilleşdirýär

Koreýanyň «KIA» awtomobil kompaniýasy geljekki bäş ýyllyk maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi.

Kompaniýa geljekde ýangyçdan has tygşytly peýdalanýan ulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berer. 2021-nji ýyldan başlap, kompaniýa her ýyl täze bir elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýdy. Ilkinji peýda boljak ulagyň bir gezekki zarýady bilen 500 km ýol geçjekdigi mälim edildi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary gibrid we elektroulag modellerine islegiň has ýokary bolmagyna garaşýarlar.

«KIA» 2026-njy ýyla çenli 1 million elektrokar satmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa elektrokar bazarynyň 6,6 göterimini öz adyna ýazdyrmagy maksat edinýär. Täze elektrokarlar 1 5- 20 minutda 80 göterim zarýadalar. Koreý brendi täze elektrokarlaryny «Imagine» nusgalyk ulagynyň esasynda taýýarlar.

Ответить