«Xiaomi» kompaniýasy «Mijia Water Purifier 1200G Pro (MR1282-B)» atly kämil suw arassalaýjysynyň deslapky satuwyna başlady

«Xiaomi» kompaniýasy täze önümini — «Mijia Water Purifier 1200G Pro (MR1282-B)» atly kämil suw arassalaýjysynyň deslapky satuwyna başlady. Bu barada «ixbt.com» web saýtynda habar berildi.

Öndüriji täze «1200G Pro» modeliniň öňki «1200G» nusgasy bilen deňeşdirilende, özboluşly aýratynlyklaryň birnäçesini özünde jemleýändigini tassyklaýar.

Täze mümkinçilikleriň aglabasy «akylly» aýratynlyklar bolup, olar aşakdakylary öz içine alýar: «Zero Residual Water 3.0» (uzak wagtlap açylmadyk ýagdaýynda, suwuň arassalanmagynyň gaýtadan aýlanyşygy), yzlygyna gönükdiriji, dolandyryjy ulgamyň üstündäki duýgur ekran we suwuň möçberini kesgitlemek boýunça köp derejeli toplum.

«Mijia Water Purifier 1200G Pro» suwuň hiline awtomatik gözegçilik etmäge we TDS (erän gaty serişdeleriň umumy düzümi) möçberini öz wagtynda kesgitlemäge ukyplydyr. Enjam TDS derejesi bilen baglylykda arassalanan we galyndy suwlaryň gatnaşygyny sazlaýar.

Öndüriji tehnologiýanyň RO süzgüjini çalyşmazdan 5 ýyllap ulanylyp bilinjekdigini öňe sürýär. Mundan başga-da, suw arassalaýjy toplum arassalaýjy enjamy, süzgüçleriň ikisini (PPC + RO), arassalanan suw üçin dolandyryjyny, galyndy suwlary çykaryjyny we beýleki gurnama enjamlaryny özünde jemleýär.

«Mijia Water Purifier 1200G Pro» «Xiaomi» kompaniýasynyň ekoulgamy bilen ulanyjylara suwuň hilini barlamaga, zerur möçberi (300 ml, 1,2 L we 20 L) sazlamaga we «Mi Home» elektron goşundysy arkaly süzgüjiň galan iş mümkinçiligini hem möhletini anyklamaga mümkinçilik berýär. Tehnologiýa süzgüjiniň hyzmat möhletiniň ahyrlandygyny, ony çalyşmalydygyny awtomatik usulda ýatladar.

Ответить