Eýranyň oba hojalyk önümleriniň eksportyndan 5 aýda gazanan girdejisi 1 milliard 453 million amerikan dollaryna deň boldy

Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 5 aýynda (20-nji martdan 21-nji awgusta çenli) ýurduň oba hojalyk önümlerinden gazanan girdejisi 1 milliard 453 million amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe Eýranyň oba hojalyk önümleriniň eksportynyň umumy mukdary 2 million 226 müň tonnadan geçdi.

«Tehran Times» neşiriniň habar bermegine görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Eýranyň oba hojalyk önümleriniň eksportynyň umumy bahasy 33 göterim, umumy mukdary bolsa 22 göterim artypdyr.

Hasabat döwründe Eýran pisse, pomidor ýaly oba hojalyk önümleriniň uly mukdaryny daşarky bazarlara iberipdir. Mysal üçin, hasabat döwründe Eýranyň eksport eden pomidorynyň umumy bahasy 177 million amerikan dollaryna barabardyr.

Ответить