Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada «Trend» neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, «Biznes reklama» gazeti şu günki sanynda habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-rus söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Has takygy, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky özara söwda 700 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ответить