Türkmen Atynyň milli baýramyna bagyşlanan ýaryşlaryň netijeleri jemlendi

Aýgytly — Ýyllyň aty

Düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçdi.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi türkmen atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Onuň baş maksady atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmekden, baý milli medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde bu bedewlere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň ýeňijileri hormatly Prezidentimize öz döredijilik işlerine ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmagyň, olary giňden wagyz etmegiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine we güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi.

«2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ary we Altynbaş diýen bedewleriň neslinden bolan hem-de meşhur Skak diýen atyň nesil ugruna degişli Aýgytly diýen bedewi mynasyp boldy. Ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň atly sport we marafon bölüminiň türgeni Çarymyrat Ballyýew seýisläp ýetişdirdi.

Ýeňijä milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Leхus” awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda sungat ussatlary döredijilik çykyşlarynda türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza bolan buýsançdyr bagtyýarlyk duýgularyny beýan etdiler.

Çeşme: TDH

Ответить