Akylbek Žaparow Gyrgyz Respublikasynda Russiýanyň iri banklarynyň  şahamçalaryny açmagy teklip etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow Gyrgyz Respublikasynda Russiýanyň iri banklarynyň  şahamçalaryny açmagy teklip etdi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.

         Akylbek Žaparow rus-gyrgyz sebitara konferensiýasynyň 11-nji mejlisinde çykyş etmek bilen: «Taraplaryň maliýe pudagyny döwrebaplaşdyrmak we milli walýutalarda hasaplaşyklary köpeltmek islegini göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Sberbank, VTB, Wneşekonombank ýaly iri döwlet banklary gatnaşygy ýola goýmagy möhüm hasaplaýarys. Hususan-da, bu banklaryň Gyrgyz Respublikasynda şahamçalaryny açmagy teklip edýäris» – diýip belledi.  

Ответить