ABŞ-da ýüzünde Trampyň suraty bolan sport aýakgaby (krossowka) peýda boldy

Donald Trampyň janyna howp salnanyndan soňra, ABŞ-nyň 45-nji Prezidentiniň eýeçiligindäki kompaniýanyň web sahypasynda ýüzünde onuň suraty bolan sport aýakgaby (krossowka) peýda boldy. Bu barada «USA Today» gazetinde habar berilýär.

         Sport aýakgabyndaky suratda Amerikanyň baýdagy bar, janyna howp salynmagy netijesinde ýaralanan Tramp bolsa elini ýokary galdyrýar.

         5 müň jübütde satylmagy meýilleşdirilýän sport aýakgabynyň (krossowkanyň) bahasy 299 dollar. Tötänleýin saýlanan on jübüt sport aýakgabyna (krossowka) Tramp tarapyndan gol çekiler.

Ответить