Adam ýaly pikirlenýän ýer ýüzünde ilkinji robot Ýaponiýada döredildi

Alymlar robotlaşdyrylan organizmiň intellektiniň öwreniş ukybyny hasam gowulandyrmagy başardylar.

Olar robotyň öwreniş ukybynyň artandygyny barlamak üçin öz taslamalaryny tejribede synap gördüler. Synag ýönekeý labirintden geçmekden ybarat boldy. Munuň üçin robot özbaşdak dolandyrylýan kiçijik hereket edýän panelde ýerleşdirildi.

Netijede, emeli intellekt ähli päsgelçiliklerden geçip, öňde goýlan maksada ýetmegi başardy. Ol hereket edýän mahaly adam ýaly pikir etdi. Robot esasy ýoldan sowulan halatynda bolsa elektron impuls ony dogry ugra gaýtardy.

Ответить