«Ak gar» önümlerini Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistana eksport etmegi meýilleşdirýär

«Ak gar» hususy kärhanasy önümlerini 2024-nji ýylyň başyndan bäri Täjigistana, Russiýa eksport edilýär, ýakyn wagtlarda bolsa Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistana eksport etmegi meýilleşdirýär.

«Ak gar» hususy kärhanasy telekeçilik ulgamynyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biridir. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän we özüniň öndürýän «Ak gar» haryt nyşanly önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan kärhananyň işi barha ilerleýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atajan Jumanyýazowa degişli bolan bu kärhana 2011-nji ýylda döredilip, konditer önümçiliginde guwandyryjy işleri alyp barýar. Kärhanada bolanymyzda, hünärmen Jahan Rahmanowa bizi garşylamak bilen, işleriň ýola goýluşy bilen tanyşdyrdy we geljekki maksatlary barada gürrüň berdi. Bişiriji, dolaýjy, gaplaýjy bölümleri, çig mal we taýýar önümler ammaryny, hil barlaghanasyny öz içine alýan önümçilik kärhanasynda işler sazlaşykly alnyp barylýar. Ol ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň 100-den gowragynyň yhlasy netijesinde ýokumlylyk derejesi we ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän konditer önümleriniň dürli görnüşi öndürilýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, kärhananyň işe girizilen ilkinji ýyllarynda onda diňe gandyň önümçiligi alnyp baryldy. Bu gün bolsa, önümçilik işiniň gerimi has-da giňäp, konditer önümleriniň görnüşleri artdy. Häzirki wagtda kärhanada gandyň 12 görnüşinden başga-da, gaty we taýajykly karameliň, nabadyň, huruşsyz taýajyk şekilli süýjiniň, huruşly çeýnelýän süýjiniň, şeýle-de Gündogar süýjülikleriň onlarça görnüşiniň önümçiligi alnyp barylýar. Kärhanada öndürilip, «Ak gar» haryt nyşany bilen ilata hödürlenýän önümleriň hatarynda limon turşusy, hamyr gabartmasy, kakao tozy, wanilli şeker, iýmit sodasy we beýleki önümler hem bar. Ýakynda önümçiligi ýola goýlan «Akbon», «Eсlairs», «Hasyl», «Mini Candy» atly süýjüleriň, şeýle-de çagalar üçin içi oýunjakly ýumurtga şekilli konditer önümleriniň hem uly meşhurlyga eýe boljakdygy şübhesizdir.

Ýyllyk önümçilik kuwwaty konditer önüminiň 4200 tonnasyna barabar bolan kärhanada öndürilýän önümiň hiline aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçilik barlaghanasynyň hünärmeni Kerim Garajaýewiň gürrüň bermegine görä, kärhananyň önümçilik bölümleri dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu enjamlar ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çig maldan gandyň we süýjiniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik barlaghanasynda fiziki-himiki we mikrobiologiki barlaglary degişli talaplara laýyklykda geçirilýär. Her bir tapgyrdan alnan önümleriň ähli barlaglary geçirilip, «hil kepilligi» berlenden soňra, ilata sarp etmäge ak bazarlara ugradylýar. Kärhana ISO 9001 hil üpjünçiligi, ISO 22000 iýmit howpsuzlygy ýaly halkara standartlarynyň berilmegi hem önümleriň hiliniň kepillendirilmesini aňladýar.

Kärhananyň dürli miwe ysly, ýakymly tagamly, owadan şekilli we göze gelüwli gaplara gaplanan konditer önümleri diňe içki bazarda däl, daşarky bazarda hem uly islege eýedir. Diňe üstümizdäki şanly ýylyň başyndan bäri kärhananyň önümleriniň Täjigistana, Russiýa eksport edilmegi, ýakyn wagtlarda Azerbaýjana, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistana eksport etmegiň meýilleşdirilmegi-de «Ak gar» haryt nyşanly önümleriň meşhurlygyndan nyşandyr. Diýarymyzyň sebitlerinde kärhananyň ýöriteleşdirilen dükanlaryny açmagyň göz öňüne tutulýandygyny hem bellemek ýakymly.

«Ak gar» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzda hususy pudagyň wekillerine berilýän goldaw-hemaýatlar, içerki bazarlar we eksport üçin ýokary hilli önümçilikleri döretmek, ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek ugrunda edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdyp, şanly ýylymyzda depginlerini barha artdyrýarlar.

Ответить