«Ak hünji» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň uly tapgyry Özbegistan Respublikasyna eksport edilýär.

«Ak hünji» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň uly tapgyrynyň Özbegistan Respublikasyna eksporty ýola goýlandyr. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen «Baget diwar bezegleri» atly makalada habar berilýär.

         Häzirki wagtda gurluşyk bezeglerini öndürmek boýunça tapawutlanýan hususy taraplaryň biri Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Ak hünji» hojalyk jemgyýeti bolup, ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Kärhanada işine ezber işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekip, olar hemişe täzeligiň gözleginde. Muny üstümizdäki ýylda bu ýerde täze önümiň — baget diwar bezegleriniň öndürilip başlanmagy subut edýär.

         «Ak hünji» hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýylda esaslandyrylyp, ol bezeg maksatly gurluşyk serişdelerini öndürmekde öňdebaryjy kärhanadyr. Önümçilik desgasy Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýetine daşary döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylypdyr. Ol enjamlar işleri awtomatik usulda ýola goýmaga we önümçiligi tapgyrlaýyn esasda dowamly alyp gitmäge, ýokary netijelilik gazanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, bu ýerde içki bezeg gurluşyk harytlarynyň ençeme görnüşleri öndürilip, olaryň hatarynda potolok üçin profilleri, bezeg potolok plitalaryny, bezeg güberçeklerini, ekstruzirlenen XPS bezegleri görkezmek bolar. Täzelikde baget diwar bezegleriniň öndürilip başlanmagy ol önümleriň sanawyny giňeltdi. Bu serişdeler hojalyk jemgyýetiniň paýtagtymyz Aşgabatdaky we welaýatlaryň ählisindäki nokatlary arkaly ilatymyza ýetirilip, ýokary islegden peýdalanýar.

         Degişli hünärmenler bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar bu bezeg serişdeleriniň, esasan, ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň we dynç alyş maksatly dürli desgalaryň içki bezegi üçin zerurdygyny nygtaýarlar. Dürli şekiller arkaly bezelýän serişdeleri otaglarda goýuljak mebellerdir beýleki öý-hojalyk enjamlary bilen utgaşykly ýerleşdirmek sazlaşyklylygy, kaşaňlygy emele getirýär. Şeýle-de bu önümler hil taýdan kepillendirilýär. Çünki olar ekologiýa taýdan arassa önümler bolup, ulanyşda tygşytly hem-de berkdir.

         Bellemeli zat, jaýlaryň içki bezegi üçin giňden ulanylýan, dykyzlygy ýokarlandyrylan baget diwar bezegleriniň önümçiliginiň ýola goýlanyna uzak wagt geçmese-de, olaryň hyrydary ýeterlik. Munuň özi «Ak hünji» hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň yhlasynyň ýerine düşýändigini görkezýär.

Ответить