«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileri üçin E-sim wirtual belgileri durmuşa geçirilýär

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileri üçin E-sim wirtual belgileri durmuşa geçirilýär. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirde şu gün çap edilen ««Türkmenaragatnaşyk» Türkmenistanda aragatnaşygy döwrebaplaşdyrmak üçin täze sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar» atly makalada habar berildi.

         E-sim, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine eýýäm tanyş bolan adaty SIM-kartalaryň häzirki zaman alternatiwasy bolup durýar. Bu tehnologiýa fiziki kartany ulanmazdan mobil aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär.

         E-sim tehnologiýasynyň artykmaçlyklary hökmünde, ony ýitirmek ýa-da zaýalamak mümkinçiliginiň ýokdugy hem-de wirtual belgi arkaly ýokarlandyrylan ygtybarlylygyny, enjamda giňişligiň tygşytlanmagyny, bir enjamda birnäçe belgini ulanmak mümkinçiligini, şeýle hem howpsuzlygyň ýokarlandyrylan derejesini öz içine alýar.

         Heniz bu hyzmatdan peýdalanmadyk adamlar üçin Türkmenistanda E-sim-i nädip birikdirmek barada aýdýarys: Pasport bilen TM CELL ofisine barmaly, işjeňleşdirmek üçin QR-kod almaly, internete birigmeli, alnan kody skanirlemeli we enjamyň ekranyndaky gözükdirijileri yzarlamaly. Prosesi başlamazdan öň enjamyň E-sim tehnologiýasy bilen utgaşýandygyna göz ýetirmek möhümdir.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny gowulandyrmak we giňeltmek boýunça işini dowam edip, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerini aragatnaşygyň amatly we ygtybarly bolmagyny üpjün etmek üçin E-sim-iň artykmaçlyklaryndan has işjeň peýdalanmaga çagyrýar.

Ответить